Türkmen halky Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik bilen garşylaýar. Şu günler ýurdumyzyň ähli künjeklerinde halkymyzyň agzybirligini we jebisligini, asyrlaryň dowamynda kemala gelen paýhasly, özboluşly däp-dessurlara ygrarlylygy alamatlandyrýan dabaralar giňden ýaýbaňlandyrylýar. Nesilden-nesle geçip gelýän bu däpler häzirki wagtda täze mazmuna eýe bolýar.
2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň mejlisler jaýynda Milli bahar baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat, saýat etrap Geňeşleriniň hem-de Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi bilen bilelikde gurnamagynda welaýatyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän öňdebaryjy işçi ýaşlaryň hem-de talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda “Nowruz-ösüşiň we gözelligiň nagmasy”atly dabaraly maslahat geçirildi.
Maslahatyň dowamynda çykyş edenler buýsançly çykyşlarynda Nowruz baýramy häzirki wagtda-da jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm orny eýeleýär, hemmelere şatlyk we ylham paýlamagyny dowam edýär, dost-doganlyga, döredijilikli zähmete, täze üstünliklere çagyrýar diýip täsirli belläp geçdiler.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň ösüşiniň täze derejelerine çykarmak ugrunda edýän taýsyz tagallalary üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş sözlerini aýtdylar.
Dinara Karimowa
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat
Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...