Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Lebap welaýat bölümi bilen bilelikde guramagynda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher medeniýet merkezinde welaýatymyzyň orta hünär okuw mekdepleriniň gyzlarynyň gatnaşmagynda «Ezber elli gözeller» atly bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.
Bäsleşik berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň talyp gyzlarynyň iş başarjaňlygyny, ugurtapyjylygyny, ruhubelentligini, buýsançlylygyny, keşp hem-de edep gözelligini, edep-ekramlylygyny açyp görkezmek maksady bilen geçirildi.
Çekeleşikli geçen bu bäsleşikde emin agzalaryň gelen netijeleri boýunça:
I orna - Lebap welaýat Maliýe-ykdysadyýet orta hünär okuw mekdebiniň ykdysadyýet we sanly maglumat tehnologiýalary ugrunyň 1-nji ýyl talyby Sülgün Astanowa;
II orna - Türkmenabat şäheriniň Lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň bejeriş ugrunyň 1-nji ýyl talyby Gülnabat Joraýewa;
III orna - Türkmenabat şäheriniň Ýörite sungat orta hünär okuw mekdebiniň aýdym aýtmak sungaty ugrunyň 1-nji ýyl talyby Selbi Imanowa hem-de Türkmenabat şäheriniň Derýaçylyk orta hünär okuw mekdebiniň ykdysadyýet we sanly maglumat tehnologiýalary ugrunyň 2-nji ýyl talyby Laçyn Öwezmyradowa dagylar mynasyp boldular.
Bäsleşigiň ýeňijilerine we bäsleşige gatnaşyjylara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşi tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar hem-de Hormat hatlary gowşuryldy.
Durdy MÄMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat
Geňeşiniň başlygy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...