Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher Geňeşiniň, Lebap welaýat Baş bilim müdirliginiň bilim bölümi bilen bilelikde gurnamagynda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň 62-nji çagalar bagynda terbiýelenýän oglan-gyzjagazlaryň arasynda «Çaga – durmuşyň güli» atly aýdym-sazly dabara geçirildi.
Dabaranyň dowamynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Çagalary hemmetaraplaýyn alada we mähir bilen gurşap almak milletimize mahsus asylly ýörelgedir. Çagalar bagynda terbiýelenýän körpeler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda alnyp barylýan tutumly işleri eziz Watanymyzy bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy, parahatçylygy we sagdyn durmuş ýörelgesini özleriniň aýdym-sazlarynyň, şahyrana sözleriniň üsti bilen wasp etdiler.
Dabaranyň ahyrynda körpeler hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda durmuşa geçirilýän beýik özgertmeleriň bütin halkymyzyň, şol sanda ýaş nesilleriň şu güni, hem-de gelejegi bilen aýrylmaz baglanyşygy ýaşlaryň ruhuny belende göterip, öz ata Watanyna bolan ýürek buýsanjyny aýdym-sazlaryň üsti bilen beýan etdiler.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň
guramaçylyk bölüminiň Baş hünärmeni Laçyn Akyýewa
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...