Lebapda alty aýda 11 milliard manatlyga golaý senagat önümleri öndürildi

27.07.2023 233
Lebapda alty aýda 11 milliard manatlyga golaý senagat önümleri öndürildi

     Şu ýylyň birinji ýarymynda Lebap welaýatynda öndürilen senagat önümleriniň möçberi hereket edýän nyrhlarda 10 milliard 967,2 million manada barabar boldy.

2023-nji ýylyň ýanwar ― iýun aýlarynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende senagat önümleriniň öndürilişiniň artyş depginleri elektrik energiýasy, nah matalar, çig ýüpek, çörek we çörek önümleri we beýleki görnüşler boýunça bellenildi.

Geçen alty aýda senagat kärhanalary tarapyndan sarp edijilere ugradylan senagat önümleriniň möçberi (ýylyň başyna önümleriň galyndylaryny goşmak bilen) 2 milliard 904 million manada golaý boldy, şol harytlaryň umumy möçberiniň 70,8 göterimi ýurduň daşyna ugradyldy. Şeýle-de şu ýylyň tamamlanan alty aýynda sarp ediş harytlarynyň öndürilişi 2 milliard manada golaý bolup, şonuň döwlete degişli bölegi 279,6 million manat boldy.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2025 Ähli hukuklary goralan.