Türkmenistanda hususy pudagyň işiniň barha ilerlemegi bilen, türkmen telekeçileri öz önümleri bilen diňe bir içerki bazary üpjün etmän, eýsem, dünýä bazaryna hem önümlerini çykarýarlar. Bu işde olar Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň gümrükhanasynyň hyzmatlaryndan peýdalanýarlar.
«Türkmen gündogary» gazetinde berilýän habara görä, Lebap welaýat gümrükhanasynyň garamagynda 11 gümrük nokadynyň dördüsi ― «Kerki», «Farap demirýollary», «Akdere» we «Türkmenabat» gümrük nokatlary ýurtdan eksport edilýän harytlary gümrük taýdan resmileşdirmäge ygtyýar berlen nokatlardyr.
Habarda bellenilişine görä, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2008-nji ýylyň 27-nji iýunynda çykaran Karary bilen tassyklanylan, ýurduň çäklerinden daşary alnyp gidilende, gümrük paçlary tölenilmeýän we mukdar taýdan çäklendirilmeýän harytlaryň sanawyna laýyklykda hususy telekeçilere we şahsy taraplara azyk önümleriniň 12 görnüşini ýurduň çäginden alyp gitmäge rugsat berilýär.
Bu sanawda alkogolly we alkogolsyz içgiler, mineral suwlar, gök we bakja önümleri, ir-iýmişler, makaron önümleri, ary baly, nahar duzy, pomidor goýaltmasy, doňdurma we düzüminde kakao bolan ýa-da bolmadyk iýmitlik buzgaýmagyň beýleki görnüşleri, mineral bejeriş suwlary, gaplanylan gök we miwe önümleri, süýji-köke önümleri, balyk konserwleri hem-de pagta ýagy bar.
Eksport ugurly harytlaryň beýleki görnüşlerini daşary ýurt bazaryna çykarmak babatynda hem hususy taraplara degişli düşündirişler berilýär diýlip, habarda bellenilýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...