Mary şäherinde 2008-nji ýylda doglan we ondan kiçi ýaşly türgenleriň arasynda gandbol boýunça Türkmenistanyň birinjiligi geçirildi. Onda welaýatymyzyň ýaş gandbolçylary üstünlikli çykyş etdiler.
Ýaryşda Lebap welaýatynyň oglanlar topary ikinji orny eýeledi. Olar ýaryşyň ýeňijisi paýtagtly oýunçylardan bary-ýogy iki utuk yza galdylar. Emma olar ýaryşda üçünji orna düşen maryly türgenlerden bolsa 15 utuk tapawut bilen arany açdylar.
Welaýatyň oglanlar ýygyndysynyň düzüminde Türkmenabat şäheriniň we Çärjew, Dänew, Köýtendag etraplarynyň türgenleriniň bardygyny ýatlamak ýerlikli bolar. Welaýatyň gyzlar topary bolsa ýaryşda üçünji orna mynasyp boldy. Toparyň düzüminde türkmenabatly we dänewli gyzlar çykyş etdiler. Toparyň bu üstünliginde türgenler Selbi Wepaýewanyň, Maral Allakulyýewanyň, Eneş Şöhradowanyň, Şahla Jumabaýewanyň aýratyn goşandy bardyr.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...