Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň Biologiýa we okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň mugallymy Aýjahan Welýanowa «Ýokary tehnologiýalar we innowasion işläp taýýarlamalar» atly halkara bäsleşikde birinji orny eýeledi. Bäsleşigiň ýeňijileri paýtagtda geçirilen «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň we maslahatyň çäklerinde yglan edildi.
Bäsleşik şu ýylyň mart aýynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy, Bilim ministrligi we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan yglan edilipdi. Bäsleşige türkmenistanly ýaşlar bilen bir hatarda Azerbaýjan, Belarus, Wýetnam, Gruziýa, Gazagystan, Hytaý, Malaýziýa, Täjigistan, Türkiýe we Özbegistan ýaly döwletlerden ýaş alymlar, oýlap tapyjylar hem-de hünärmenler öz ylmy işlerini we taslamalaryny hödürlediler.
Bäsleşigiň netijelerine görä 45 sany ýeňiji yglan edildi. Olaryň 9-sy birinji, 14-si ikinji, 22-si bolsa üçünji orna mynasyp boldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...