Welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly Pyragy — ähli göwünleriň we döwürleriň şahyry» diýen at bilen döredijilik duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi bilen bu medeniýet ojagynyň bilelikde guramaklarynda geçirilen çärä medeniýet we sungat işgärleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Döredijilik duşuşygynda çykyş edenler akyldar şahyryň şygyrlarynyň çeperçiligi, çuňňur many-mazmuny we nesilleri terbiýelemekdäki ähmiýeti dogrusynda gürrüň etdiler. Çäräniň dowamynda şahyryň şygyrlaryndan bentler labyzly okaldy. Akyldar şahyryň döredijiliginde rowaýatlaryň çeper beýan edilişi bilen baglanyşykly gyzykly söhbetler şygyr muşdaklarynda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Soňra çärä gatnaşanlar muzeýe gezelenç etdiler.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...