“Magtymguly Pyragy şygyrýet äleminiň soltany”

31.08.2023 71
“Magtymguly Pyragy şygyrýet äleminiň soltany”

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi, Kerki etrabynyň Kerki şäher Geňeşinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli döreden “Pähim paýhas ummamy – Magtymguly Pyragy” atly täze goşgy setirlerini tanyşdyrmak maksady bilen “Magtymguly Pyragy şygyrýet äleminiň soltany” atly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda Kerki şäher Geňeşiniň hünärmeni N.Aliýewa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni E.Ýoldaşowa çykyş etdiler. Çykyş edenler ajaýyp sowgat – täze eser üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2023 Ähli hukuklary goralan.