Maldarçylyk önümleriniň önümçiligi artýar

08.09.2023 156
Maldarçylyk önümleriniň önümçiligi artýar

Şu ýylyň başyndan bäri welaýatymyzyň ähli hojalyklarynda 79,5 müň tonna et (diri agramda), 371,1 müň tonna süýt, 140 million sany ýumurtga öndürildi. Bu önümleriň aglaba böleginiň hususy hojalyklarda öndürilendigi bellärliklidir. Önüm bolçulygynyň döredilmeginde mallaryň baş sanynyň artdyrylmagy möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Lebaply maldarlar bu meselä ünsli çemeleşip, gowy görkezijileri gazanýarlar. Häzirki wagtda welaýatyň ähli hojalyklarynda iri şahly mallaryň 548,1 müň başy, dowarlaryň 2 724,2 müň başy, guşlaryň 4316,5 müň başy, düýeleriň 5,7 müň başy, gylýallaryň hem 2,8 müň başy idedilýär. Munuň özi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende iri şahly mallaryň, dowarlaryň, guşlaryň baş sanlarynyň ep-esli artandygyndan habar berýär.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2024 Ähli hukuklary goralan.