Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi, 2024-nji ýylda geçiriljek Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýaşlaryň beýik söz ussadynyň döredijiligini belent ynsanperwer taglymlara ýugrulan döredijilik mirasyny has içgin öwrenmegi dowam etmek maksady bilen Kerki etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň okuwçylarynyň we mugallymlarynyň gatnaşmagynda “Manyly ömür–nesillere görelde” atly aýdym-sazly duşuşyk geçirildi. Duşuşykda mekdebiň müdiriniň orunbasary Y.Jepbarow, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni E.Ýoldaşowa gündogaryň görnükli söz ussady Magtymguly Pyragynyň döredijiligi, Gahryman Arkadagymyzyň Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli döreden “Pähim paýhas ummany – Magtymguly Pyragy” atly goşgusynyň çuň many-mazmuny, ähmiýeti hakynda çykyş etdiler. Aýdym-sazly duşuşygyň dowamynda mekdebiň okuwçylary Magtymguly Pyragynyň goşgularyna döredilen aýdymlary uly joşgun bilen ýerine ýetirdiler. Çäräniň soňunda oňa gatnaşyjylar ýaş nesil üçin okamaga, öwrenmäge, işlemäge, döretmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...
Şu günler welaýat Baş bilim müdirliginiň çagalar baglarynyň mekdebe taýýarlaýyş toparlarynyň körpeleriniň arasynda yglan eden «Baş...