Meýilnama artygy bilen ýerine ýetirilýär

18.07.2023 166
Meýilnama artygy bilen ýerine ýetirilýär

     Türkmenabat galla önümleri kärhanasynda şu ýylyň geçen alty aýynda 18 million 927 müň 165 manatlyk önüm öndürildi. Bu bolsa 46 müň manatlyk önümiň artyk öndürilip, iş meýilnamasynyň 100,2 göterim berjaý edilendigini görkezýär. Geçen alty aýda önümçiligiň ösüş depginini 104,6 göterime ýetiren kärhananyň işçi-hünärmenleri unuň 23 müň 880 tonnasyny öndürdiler. Şonuň 7 müň 857 tonnasy ýokary hilli, 16 müň 23 tonnasy bolsa birinji hilli undur. Şeýle-de bu döwürde kepegiň 6 müň 976 tonnasyna derek 7 müň 228 tonnasy öndürildi.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2025 Ähli hukuklary goralan.