Lebap welaýat azyk önümçilik birleşiginde gowaça çigidi gaýtadan işlenilip, ösümlik ýagynyň we sarundyr harpyk ýaly önümleriň, şeýle-de sabynlaryň öndürilişi barha artýar. Bu kuwwatly kärhanada şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda arassalanylmadyk ösümlik ýagynyň 4 müň 698 tonnasy, arassalanylan ösümlik ýagynyň 4 müň 67 tonnasy, sarunyň 11 müň 715 tonnasy, harpygyň 7 müň 966 tonnasy, sabynyň hem 91 tonnasy öndürilip, meýilnama üstünlikli berjaý edildi. Degişli döwürde edilen işleriň pul hasabyndaky möçberi 48 million 795 müň 228 manatlyga deň boldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...