Meýilnama üstünlikli berjaý edildi

22.07.2023 218
Meýilnama üstünlikli berjaý edildi

     Lebap «Azyk» önümçilik birleşiginde gowaçanyň çigidi gaýtadan işlenilip, ösümlik ýagy we mallara ot-iýmlik üçin ulanylýan sarun, harpyk ýaly önümler, şeýle-de kir ýuwujy sabynlar öndürilip, sarp edijilere ýetirilýär. Bu kuwwatly kärhanada şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda 39 million 548 müň 19 manatlyk önüm öndürildi. Has takygy, geçen ýarym ýylda arassalanylmadyk ösümlik ýagynyň 3 müň 983 tonnasy, arassalanylan ösümlik ýagynyň 3 müň 414 tonnasy, sarunyň 9 müň 928 tonnasy, harpygyň 6 müň 751 tonnasy öndürilip, meýilnama üstünlikli berjaý edildi. Önümçilik iki iş çalşygynda alnyp barlyp, bu ýerde işçi-hünärmenleriň bäş ýüzden gowragy zähmet çekýär.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2025 Ähli hukuklary goralan.