Milli mirasym — ruhy hazynam

01.08.2023 80
Milli mirasym — ruhy hazynam

     Türkmenabat şäher merkezi kitaphanasynyň guramagynda geçirilen çäre «Milli mirasym — ruhy hazynam» diýlip atlandyryldy. Çärede hormatly Prezidentimiziň kitaplarynda milli mirasymyzyň, gadymy gymmatlyklarymyzyň, däp-dessurlarymyzyň, sungatymyzyň şöhlelendirilişi bilen baglanyşykly gyzykly söhbet edildi. Mirasy öwrenijiler we sungat işgärleri halkymyzyň arasynda saklanyp galan edebi ýadygärlikleri öwrenmegiň nesil terbiýesinde uly ähmiýete eýedigini aýratyn nygtadylar. Kitaphananyň işjeň okyjylarynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen gymmatlyklarymyz bilen baglanyşykly çykyşlary baý many-mazmuny we täsirliligi bilen tapawutlandy. Kitaphanaçylaryň taýýarlan «Mirasymyz — mertebämiz» atly kitap sergisinde amaly-haşam sungatyna degişli kitaplar ýerleşdirildi. Çäräniň dowamynda ýaşlar milli mirasymyz bilen baglanyşykly türkmen şahyrlarynyň döreden şygyrlaryny labyzly okadylar.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2023 Ähli hukuklary goralan.