Mollanepesiň döredijiligine bagyşlanan sergi açyldy

18.07.2023 233
Mollanepesiň döredijiligine bagyşlanan sergi açyldy

Çärjew etrabynyň Farap şäher kitaphanasynda «Yşk mülküniň şasy» atly kitap sergisi açyldy. Ol türkmen nusgawy şahyry Mollanepesiň döredijiligine bagyşlandy. Sergide şahyryň dürli ýyllarda neşir edilen goşgular ýygyndylary, «Zöhre-Tahyr» dessany, onuň döredijiligine bagyşlanan monografiýalar, ylmy makalalar goýuldy. Mollanepesiň türkmen, rus we iňlis dillerinde çap edilen goşgulary ýygyndylary, meşhur dessany onuň döredijiligi bilen üç dilde tanyşmaga mümkinçilik berýär. Olara orta mekdepleriň dil we edebiýat derslerini okadýan mugallymlary, okuwçylar aýratyn gyzyklanma bildirýärler. Kitaphananyň işjeň okyjylary serginiň ilkinji myhmanlary boldular.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2025 Ähli hukuklary goralan.