Möwsüm talabalaýyk alnyp barylýar

22.09.2023 31
Möwsüm talabalaýyk alnyp barylýar

Şu günler dowam edýän pagta ýygymy möwsümine Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň kärdeşler arkalaşyklarynyň agzalarynyň durmuş-zähmet hukuklaryny goraýyş bölüminiň işgärleri hem mynasyp goşant goşýarlar. Olar etraplarymyzdaky daýhan birleşiklerinde we daýhan hojalyklarynda saparlarda bolup, işiň tehniki talaplara laýyklykda alnyp barlyşyna gözegçilik edýärler.

Ýakynda şeýle gözegçilik işleri Saýat etrabynyň çäginde hem geçirildi. Etrabyň tehniki hyzmat ediş kärhanasynda bolanymyzda, pagta ýygymyna gatnaşýan 14 sany kombaýnyň ählisiniň tehniki talaplary doly ödeýändigine şaýat bolduk. Mehanizatorlar bilen ýörite düşündiriş işleri geçirilip, olar ýörite iş lybaslary bilen doly üpjün edilipdir. Kärhananyň Garabekewül bölüminde 13, Sakar bölüminde bolsa 12 kombaýn möhüm oba hojalyk möwsümine gatnaşýar.

Şu ýyl 24 müň 770 gektar ýerden 76 müň 580 tonna «ak altyn» almagy meýilleşdirýän Saýat etrabynyň daýhan birleşiklerinde zähmeti goramak, tehniki howpsuzlyk boýunça talaplar doly üpjün edilýär. Etrabyň ähli daýhan birleşiklerinde işleriň edilýän talaplara doly laýyk gelýändigini, işgärleriň zerur şertler bilen üpjün edilýändigini geçirilen gözegçilik işleri görkezdi. Işleriň sazlaşykly ýola goýulmagy öňde duran maksada abraý bilen ýetiljekdigini hem görkezýär. Biz hem saýatly babadaýhanlara bu möhüm we jogapkärçilikli möwsümde üstünlikleri arzuw edýäris.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2023 Ähli hukuklary goralan.