Mynasyp zähmet sowgatlary bilen

17.08.2023 208
Mynasyp zähmet sowgatlary bilen

Başlarymyzyň täji bolan ata Watanymyzyň baş baýramyny — beýik Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygyny mynasyp garşylamak, uly toýa sowgatly barmak her bir edara-kärhananyň zähmetkeşler köpçüliginiň baş maksadydyr. Şeýle ählihalk hereketine ruhubelentlik bilen gatnaşyp, ýokary önümçilik görkezijilerini gazanýanlaryň hatarynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň ezber we gaýratly hünärmenleri hem bar. Olar şanly ýyly zähmet üstünliklerine besleýärler.

Üstümizdäki ýylyň geçen ýedi aýynda müdirlik boýunça gazylyp alnan «mawy ýangyç» 6 milliard 454,6 million kub metre golaý boldy we degişli meýilnama 114 göterimden gowrak berjaý edildi. Esasy önüm bilen birlikde Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody üçin gymmatly çig mal bolup durýan gaz kondensatynyň hem 24 müň tonna golaýy öndürilip, ýedi aýyň meýilnamasy artygy bilen berjaý edildi.

Şu ýylyň geçen döwründe welaýatymyz boýunça Oba milli maksatnamasynyň çäginde gaz geçirijileriň 22,3 kilometre golaýy çekildi. Şu maksat üçin döwletimiziň düýpli maýa goýumlarynyň 11,4 million manady özleşdirildi. Bu möhüm işleri täze peýda bolan ilatly ýerleri gazlaşdyrmak maksady bilen geçirildi. Şeýle tagallalaryň netijesinde welaýatymyz boýunça hususy hojalyklaryň ýene-de 600-e golaýynyň öýlerinde «mawy ýangyç» alawlap başlady. Tutuş welaýatymyz boýunça häzirki wagtda tebigy gazdan hojalyklaryň 211731-si peýdalanýar. Bu sanlar geljekde has-da artar. Sebäbi welaýatymyzyň ähli sebitlerinde ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy giňden dowam edýär.

Tebigy gazyň öndürilişini artdyrmaga Malaý gaz käninde Gahryman Arkadagymyzyň ak patasy bilen işe girizilen kuwwatly gaz gysyjy desganyň başarjaň işgärleri has saldamly goşant goşýarlar. Olar tarapyndan şu ýylyň geçen aýlarynda Malaý ― Bagtyýarlyk gaz geçirijisi boýunça tebigy gazyň 3 milliard 748,2 million kub metrden gowragy akdyryldy. Şonuň netijesinde sarp edijilere ýedi aýlyk meýilnama goşmaça 1,5 millard kub metrden gowrak harytlyk önüm ugradyldy. Bu önümiň agramly bölegi bolsa alysdaky dostana Hytaý döwletine iberildi.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2025 Ähli hukuklary goralan.