Nah ýüplükleriniň 142 tonnasy eksport edildi

21.08.2023 197
Nah ýüplükleriniň 142 tonnasy eksport edildi

Türkmenabat pamyk egriji fabriginde ýokary hilli nah ýüplükleriniň öndürilişi ýylsaýyn ýokarlanýar. Bu ýerde häzirki wagtda sarp edijileriň buýurmalary esasynda nah ýüplükleriň 14-lik, 17-lik, 20-lik, 27-lik, 34-lik ýaly görnüşleri öndürilýär.

Fabrikde şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda nah ýüplükleriň 1 müň 612 tonnasy taýýarlanyldy. Degişli döwürde edilen işleriň pul hasabyndaky möçberi 28 million 758 müň 886 manatlyga deň boldy.

Geçen ýarym ýylda fabrigiň nah ýüplükleriniň 142 tonnasy, pul hasabynda bolsa 2 million 6 müň 595 manatlygy eksporta ugradyldy.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2025 Ähli hukuklary goralan.