Türkmenabadyň tejribe-synag abatlaýyş zawodynda geçen aýda gowaçalaryň uçlaryny çyrpmakda ulanylýan tehniki enjamlaryň uly toplumy öndürildi. Ätiýaçlyk şaýlaryň bolsa 600-700 görnüşi ýasaldy. Bu şaýlaryň käbir görnüşleriniň öňünden hem ätiýaçlyk gory döredilýär. Bu bolsa möhüm oba hojalyk möwsümlerinde önüm öndürijileriň buýurmalarynyň bökdençsiz kanagatlandyrylmagyna, ekerançylyk işleriniň öz möhletlerinde ýerine ýetirilmegine oňyn täsirini ýetirýär. Sehlerde işleriň sazlaşykly ýöredilmeginiň netijesinde ýylyň başyndan bäri 1 million 740 müň manatlykdan gowrak iş ýerine ýetirilipdir. Munuň özi şu ýyl üçin meýilleşdirilen 1 million 870 müň manatlyk işiň eýýäm möhletinden öň ýerine ýetirilmeginiň öň ýanyndadygyny aňladýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...
Şu günler welaýat Baş bilim müdirliginiň çagalar baglarynyň mekdebe taýýarlaýyş toparlarynyň körpeleriniň arasynda yglan eden «Baş...