“Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş çäresi geçirildi

11.07.2023 117
“Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş çäresi geçirildi

     Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi, Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde zähmet çekýän işgärleriň gatnaşmagynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly täze kitabynyň çapdan çykmagy mynasybetli tanyşdyrylyş çäresi geçirildi. Çärede Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni E.Ýoldaşowa we Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgäri M.Baýramow, Kerki etrap merkezi kitaphanasynyň baş kitaphanaçysy G.Hydyrowa çykyş etdiler.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2024 Ähli hukuklary goralan.