Önümçiligiň bäsdeşlige ukyplylygy has ýokarlanýar

18.10.2023 83
Önümçiligiň bäsdeşlige ukyplylygy has ýokarlanýar

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen ykdysadyýetiň hususy bölegini ösdürmek boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Netijede hususy önümçiligiň bäsdeşlige ukyplylygy has ýokarlanýar, ýurdumyzyň eksport kuwwaty güýçlenýär, importyň ornuny tutýan önümleriň bolçulygy döredilýär. Türkmenabatly telekeçi Atamyrat Jumakulyýew hem içerki bazarda öň daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň öwezini dolýan önümleriň artmagyna öz goşandyny goşýar. Ol jorap önümçiligini üstünlikli ýola goýdy. Telekeçiniň öndürýän joraplarynyň dürli görnüşlerine bolan isleg barha artýar. Şu ýylyň başyndan bäri ol 659 müň jübüt jorap öndürdi. Pul hasabynda öndürilen önümleriň bahasy 1 million 765 müň 413 manatlyga barabar boldy.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2024 Ähli hukuklary goralan.