Önümçiliň ösüş depgini artýar

02.08.2023 189
Önümçiliň ösüş depgini artýar

Welaýatymyzyň babadaýhanlarynyň ýetişdiren bugdaý hasylyny gaýtadan işläp, ondan un öndürmekde Türkmenabat galla önümleri kärhanasynda netijeli işler alnyp barylýar. Germaniýanyň we Russiýa Federasiýasynyň enjamlary bilen enjamlaşdyrylan bu kuwwatly kärhanada her aý ýokary görkezijiler bilen jemlenilýär. Kärhanada şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda 22 million 285 müň 729 manatlyk önüm öndürilip, 7 aýlyk iş meýilnamasy 100,2 göterim berjaý edildi. Has takygy, bu döwürde jemi 27 müň 881 tonna un öndürildi. Şonuň 9 müň 251 tonnasy ýokary hilli, 18 müň 630 tonnasy bolsa birinji hilli undur. Şeýle-de bu döwürde bugdaý ýarmasynyň 10 tonnasy, kepegiň 8 müň 493 tonnasy öndürilip, önümçiligiň ösüş depgini 102,7 göterime barabar boldy.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2025 Ähli hukuklary goralan.