Osty oba kitaphanasynda ýaşlara bagyşlanan kitap sergisi guraldy

17.10.2023 326
Osty oba kitaphanasynda ýaşlara bagyşlanan kitap sergisi guraldy

Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň Osty kitaphana şahamçasynda «Döwrüň bagtyýar nesilleri» atly kitap sergisi guraldy. Onda türkmen hakynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwet galamyndan çykan kitaplar goýuldy. Kitaphananyň işjeň okyjylary onuň ilkinji myhmanlary boldular. Kitaphana işgärleri olary bu ýerde goýlan eserleriň mazmuny bilen tanyşdyrdylar. Aýratyn hem, okyjylaryň ünsüni Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlar barada ýazanlaryna, olara berýän nesihatlaryna çekdiler. Ýaşlar baradaky döwlet syýasaty, onuň durmuşa geçirilişi, ösüp gelýän nesil hakda edilýän aladalar, olaryň bilim almaklary, hünär edinmekleri, öz saýlap alan ugurlarynda zähmet çekmekleri, ýaşaýyş durmuş şertlerini gowulandyrmak üçin döredilýän şertler barada hem durulyp geçildi.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2025 Ähli hukuklary goralan.