Ösüş gazanylýar

10.08.2023 54
Ösüş gazanylýar

     «Türkmengaz» döwlet konserniniň Suwuklandyrylan gazy öndürmek boýunça Lebap önümçilik müdirliginde suwuklandyrylan gazy we gaz kondensatyny öndürmekde netijeli işler durmuşa geçirilýär. Bu ýerde şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda 59 million 684 müň 351 manatlyk önüm öndürildi. Has takygy, bu döwürde suwuklandyrylan gazyň 47 müň 888 tonnasy, gaz kondensatynyň bolsa 50 müň 284 tonnasy öndürildi. Şeýle-de degişli döwürde suwuklandyrylan gazyň 45 müň 661 tonnasy eksporta ugradyldy.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2023 Ähli hukuklary goralan.