“Ösüşlere beslenýän gözel ýurdum”

01.09.2023 361
“Ösüşlere beslenýän gözel ýurdum”

Asuda, bagtyýar, gözel diýarymyzyň her bir güni toýdur baýramlara, şanly senelere, taryhy wakalara beslenýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe çagalaryň, şeýle hem ýaşlaryň ählitaraplaýyn kadaly ösmegi ugrunda durmuşa geçirilýän işleriň hukuk binýady has-da berkidilýär. Hormatly Prezidentimiziň “Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar” diýen ajaýyp sözleri bu ugurda amala aşyrylýan işleriň esasy çilgisidir. Şu nukdaýnazardan ugur alyp, ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap bilim almagyna kämil şahsyýetler bolup ýetişmegimiz üçin ähli işler durmuşymyza ornaşdyryldy. Ýaş nesliň bilim sowatlylyk derejesini dünýä ülňülerine laýyk getirmek babatynda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Ynha biziň etrabymyzda hem şatlykly pursatlaryň biri çünki Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli bagtly ýaşlaryň toý sowgady bolan gowy mekdeplerde bilim almagymyz üçin, kämil şahsyýetler bolup ýetişmegimiz üçin Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň çäginde ýerleşýän 500 orunlyk ak mekdebiň açylyp ulanmaga berilmegi biz ýaşlary has-da begendirdi, buýsandyrdy. Çünki bu günki türkmen ýaşlary özleri baradaky aladany duýup ýaşaýarlar. Bu günki türkmen ýaşlarynyň saýlap alan hünäriniň eýesi bolmagyna has-da itergi berýär. Ýaşlyk-güýç, kuwwat, bagtyýar we rahat durmuş bilen manydaş düşünje. Şonuň üçin ýaşlar jemgyýetiň we döwletiň gülläp ösüşine uly goşant goşýan güýç hasaplanýar. Her bir döwlet we tutuş adamzat jemgyýeti ýaş nesliň sagdyn kemala gelmegi hem-de has gowy geljegi gurmaga gönükdirilen işleri amala aşyrmaga taýýar bolmagy ugrunda uly tagallalary edýär. 2023-nji Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem agzybir halkymyz, biz ýaşlar üstünlikli menzillere barha ruhlanýar. Ynha biziň Lebap topragymyzda hem goşa baýram goşa toý. Milli özboluşlylygymyzyň esasy sütüni bolan nesil terbiýesine, ýaş nesil hakyndaky alada, esasan hem, ýurdumyzda çagalaryň, biz ýaşlaryň ählitaraplaýyn we sazlaşykly ösmegine, şert döretmäge, olaryň bagtyýar ösüp ulalmagy ugrunda tagallalary durmuşa geçirmäge aýratyn üns berilýär. Biz ýaşlaryň howandary bolan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak beýik işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýärin!

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2025 Ähli hukuklary goralan.