Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň suratkeşi, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, keramikaçy Dilber Umarowa Özbegistan Respublikasynyň Riştan şäherinde geçirilen küýzegärçilik senediniň halkara forumynda küýzegärleriň arasynda geçirilen bäsleşikde 2-nji orny eýeläp, pul baýragyna mynasyp boldy.
Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet ministrligi, «Hünärment» birleşigi we Fergana şäheriniň häkimligi bilen bilelikde guralan çäre 30-dan gowrak ýurtdan gelen 60-a golaý senetçini hem-de halk sungatynyň ussatlaryny, hünärmenleri, alymlary we ýerli senetçileri bir ýere jemledi. Çärä ýurdumyzdan amaly-haşam sungatynyň wekilleriniň 7-si gatnaşdy.
Halkara forumyň çäklerinde «tegelek stoluň başyndaky» söhbetdeşlikler, ylmy-amaly maslahatlar, pikir alyşmalar, hünär mekdepleriniň işleriniň tanyşdyrylyşy, gelin-gyzlaryň we çagalaryň toý lybaslarynyň täze nysaklarynyň görkezilişi, el işleriniň sergisi, halk aýdymlarynyň konsertleri we bäsleşikler geçirildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...