Özbegistanly hünärmen Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-de durmuş işi hünäri boýunça okuw sapagyny geçirdi

18.09.2023 12
Özbegistanly hünärmen Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-de durmuş işi hünäri boýunça okuw sapagyny geçirdi

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda ÝUNISEF-iň durmuş syýasaty bölüminiň hünärmeni Aýsenem Agabaýewa Suhanowna we Özbegistan Respublikasynyň durmuş işi boýunça esasy hünärmeni Diana Isaýewanyň guramagynda üç günlük okuw sapagy geçirildi.

Oňa institutyň professor-mugallymlary, Aşgabat şäheriniň durmuş taýdan hyzmat edýän edarasynyň we Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň durmuş üpjünçilik müdirliginiň hem-de gartaşan adamlara we maýyplygy bolan adamlara durmuş taýdan hyzmat edýän edarasynyň hünärmenleri gatnaşdy.

Okuw sapagy iki sessiýadan ybarat boldy. Sapagyň dowamynda talyplaryň gatnaşmagynda dürli görnüşdäki tejribe bölümleri amala aşyryldy.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2023 Ähli hukuklary goralan.