Perzent çeşme bolsa – gözbaşy ata-enedir

11.07.2023 108
Perzent çeşme bolsa – gözbaşy ata-enedir

     Darganata etrabynyň orta mekdeplerinde etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Darganata etrap komitetiniň, etrap Polisiýa bölüminiň, etrap hassahanasynyň, etrap Bilim bölüminiň gatnaşmagynda “Perzent çeşme bolsa – gözbaşy ata-enedir” atly wagyz-nesihat duşuşygy gurnaldy. Wagyz-nesihat duşuşygynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Darganata etrap komitetiniň partiýa guramaçysy A.Sultanowa, etrap Bilim bölüminiň başlygy A.Annaýew, etrap hassahanasynyň baş lukmanynyň orunbasary O.Kuliýewa çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň atalyk kitaplarynyň ýaş nesillerimizi giň dünýägaraýyşly, arassa, ahlakly, watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde ýol-ýörelge bolup durýandygyny nygtap geçdiler.

     Wagyz-nesihat duşuşyga gatnaşýanlar peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli amala aşyrýan işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2024 Ähli hukuklary goralan.