Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli welaýat kitaphanasynda «Pyragy hem Arkadag — ömrümize şamçyrag» atly çeper okaýyşlar guraldy. Şu medeniýet ojagy bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň bilelikde guran çäresine şäherimizdäki ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary, çeper döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlar gatnaşdylar. Onda çykyş edenler Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyr Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy, şygyrlarynyň terbiýeleýjilik ähmiýeti dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Soňra ýaşlar akyldar şahyrymyzyň şygyrlaryndan goşgulary labyzly okadylar, sowal-jogap alyşdylar. Çeper okaýyşlarda aýratyn tapawutlanan ýaşlar ýörite sowgatlar bilen sylaglanyldylar. Çäräniň dowamynda oňa gatnaşyjylar welaýat kitaphanasynyň işgärleri tarapyndan guralan kitap sergisi bilen hem tanyşdylar. Sergide Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan täze çap edilen kitaplar ýerleşdirildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...