Sagdyn bolaýyn diýseň, sport bilen meşgullan!

18.07.2025 50
Sagdyn bolaýyn diýseň, sport bilen meşgullan!

       Golaýda Lebap welaýatynyň «Bagtyýarlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň wagtlaryny gyzykly hem-de täsirli geçirmek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşi, «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe sport guramasy bilen bilelikde guramagynda «Sagdyn bolaýyn diýseň, sport bilen meşgullan!›› ady bilen sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar geçirildi.

      Dynç alýan çagalaryň arasynda geçirilen bu ýaryş uly şatlyk-şowhuna beslendi hem-de çagalarda ýatdan çykmajak pursatlary döretdi. Ýaryşyň ahyrynda utuş gazanan topara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşi tarapyndan sowgatlar we Hormat hatlary gowşuryldy.

     Sport bäsleşiginiň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaş nesilleriň döwrebap bilim almagy, ylym öwrenmegi, sport we döredijilik bilen meşgullanmagy ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutýan tutumly işleriniň rowana ýollarda rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.


Dinara KARIMOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň

guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2025 Ähli hukuklary goralan.