“Saglyk we sport medeni ösüşiň sazlaşykly binýady” atly söhbetdeşlik geçirildi

29.08.2023 39
“Saglyk we sport medeni ösüşiň sazlaşykly binýady” atly söhbetdeşlik geçirildi

     Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar edilmeginiň, raýatlara edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň dünýä derejesine ýetirilmeginiň, ýaş nesilleriň milli ruhda terbiýelenmeginiň, saglyga zyýan ýetirýän ýaramaz endiklere garşy göreşilmeginiň, türkmenistanlylaryň beden we ruh taýdan sagdynlygynyň gazanylmagynyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bolup durýar. Ýaşlary sagdyn ruhly, edep terbiýeli edip ýetişdirmek, olary döredijiligiň dürli ugurlaryna ugrukdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi, Kerki etrabynyň 3-nji mekdebinde zähmet çekýän işgärleriň gatnaşmagynda “Saglyk we sport medeni ösüşiň sazlaşykly binýady” atly söhbetdeşlik geçirildi. Wagyz nesihat çäresinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça hünärmeni O.Aşirowa, Kerki etrabynyň 3-nji mekdebiniň mugallymy G.Batyrowa çykyş etdiler.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2023 Ähli hukuklary goralan.