Türkmenabat şäherindäki “Lebap” toý mekanynda Türkmenistanyň Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Türkmenabat şäher geňeşiniň hem-de welaýat baş bilim müdirliginiň bilelikde guramaklarynda “Şan-şöhratyň dünýä ýaýrady, Garaşsyz, Bitarap Diýar!” atly aýdym-sazly dabara geçirildi.Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli geçirilen dabara öňdebaryjy bilim işgärleri, ýaşulular, welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyplary gatnaşdylar. Çäre gatnaşanlar welaýat medeniýet merkeziniň aýdymçy-sazandalarynyň taýýarlan baýramçylyk konsertine tomaşa etdiler. Ýerine ýetirilen joşgunly aýdymlarda, tanslarda ýurt Garaşsyzlygynyň, hemişelik Bitaraplygynyň, dost-doganlygyň waspy giňden ýetirildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...