“ŞANLY ÝYLYŇ ŞYGARY – ÜSTÜNLIKLERE BADALGA”

12.01.2026 57
“ŞANLY ÝYLYŇ ŞYGARY – ÜSTÜNLIKLERE BADALGA”

     Ýakynda Lebap welaýat kitaphanasynda 2026-njy ýylyň many-mazmunyny wagyz etmek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň guramagynda “Şanly ýylyň şygary - üstünliklere badalga” ady bilen brifing duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň hünärmenleri we talyp ýaşlar gatnaşdylar.

     Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler her ýylyň aýratyn şygar bilen atlandyrylmagynyň asylly däbe öwrülendigini belläp, täze 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi uly üstünliklere yşaratdygyny nygtadylar. Ondan başga-da 2026-njy ýylda hem ýurdumyz Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bedew bady bilen täze sepgitlere ýetjekdigi hakynda belläp geçdiler.

     Gyzykly edilen çykyşlaryň ahyrynda türkmen halkyny bedew bady bilen öňe alyp barmakda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.


Dinara Karimowa,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat

Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2026 Ähli hukuklary goralan.