Saýat etrabynyň Çagalar ýetginjekler we döredijilik öýüniň kitaphanasynda “Ýaşlar Watanyň geljegi” ady bilen çeper okaýyş duşuşygy geçirildi.

25.06.2025 74
Saýat etrabynyň Çagalar ýetginjekler we döredijilik öýüniň kitaphanasynda “Ýaşlar Watanyň geljegi” ady bilen çeper okaýyş duşuşygy geçirildi.

     Golaýda, Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň Çagalar ýetginjekler we döredijilik öýüniň kitaphanasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Saýat etrap Geňeşi hem-de Saýat etrabynyň Çagalar ýetginjekler we döredijilik öýi bilen bilelikde guramagynda mekdep okuwçylarynyň gatnaşmagynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygyrýet güni mynasybetli “Ýaşlar Watanyň geljegi” ady bilen çeper okaýyş duşuşygy geçirildi.

     Ýaşlarda kitaba bolan söýgini güýçlendirmek, olarda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwet galamyndan syzylyp çykan gymmatly eserleriniň üsti bilen watançylyk duýgusyny, milli mirasa sarpany, zähmete söýgini döretmek maksady bilen geçirilen duşuşyk hemmeler üçin örän täsirli boldy.

     Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar milli medenýetimize, däp-dessurlarymyza aýratyn hormat goýýan Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.


Aýjan Allaberdiýewa,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Saýat etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2025 Ähli hukuklary goralan.