24-nji fewralda Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary hanym Rabab Fatimany kabul etdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.
Serdar Berdimuhamedow myhmanyň saparynyň çäklerinde şu ýylyň awgust aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny geçirmek boýunça gatnaşjak brifinginiň we boljak duşuşyklaryň üstünlikli geçmegini arzuw etdi.
Şeýle hem döwlet Baştutany pursatdan peýdalanyp, hanym Rabab Fatimany Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady.
Şeýle hem duşuşygyň dowamynda şu ýyl Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça maslahatyny ýokary derejede geçirmek boýunça alnyp barylýan guramaçylyk we taýýarlyk işleri barada pikir alşyldy.
Döwlet Baştutany Türkmenistanda häzirki döwürde ulag we kommunikasiýalar ulgamyny ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýändigini belläp, ýurdumyzyň geografik taýdan amatly ýerleşmeginiň ulag-logistika ulgamyny ösdürmäge berk esas bolup durýandygyny we şoňa görä-de, köpugurly we sebit ähmiýetli Demirgazyk – Günorta, Gündogar – Günbatar halkara ulag geçelgelerini döretmek boýunça işleriň geçirilýändigini aýtdy.
2022-nji ýylda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň, halkara hem-de sebitara guramalarynyň gatnaşmagynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda halkara maslahaty geçirildi. Onuň dowamynda durnukly ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek ýaly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...