Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda 244 müň tonna barabar benzin öndürildi

20.02.2025 44
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda 244 müň tonna barabar benzin öndürildi

   Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda 2024-nji ýylda çig mallaryň 472,3 müň tonnasy gaýtadan işlenilip, gymmatly nebit önümleriniň uly möçberi öndürildi. Şonda öndürilen benzin önümleri 244 müň tonna barabar boldy. Bu barada «Türkmen gündogary» gazeti habar berdi.

   Habarda bellenilişi ýaly, geçginli önümiň öndürilişi öňki ýyl bilen deňeşdirilende 5,9 göterim artdy. Şeýle-de tamamlanan ýylda bu ýerde dizel ýangyjynyň 117,9 müň tonnasy, nebit bitumynyň 21,5 müň tonnasy we beýleki geçginli önümler öndürilip, sarp edijilere ugradyldy.

   Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň fewral aýynyň 14-inde sanly ulgam arkaly geçiren Hökümet mejlisinde şanly ýylyň ýanwar aýynda ykdysadyýetiň pudaklarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri ara alnyp maslahatlaşylanda, nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasynyň hem üstünlikli berjaý edilendigi habar berildi.Şonuň netijesinde benzin, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamalary ýerine ýetirildi. Şeýle oňyn netijeleriň gazanylmagynda seýdili nebiti gaýtadan işleýjileriň mynasyp paýy bar.

   Geçen ýyllarda kärhananyň durkuny düýpli täzelemek, täze önümçilik desgalaryny gurmak boýunça iri taslamalaryň birnäçesi durmuşa geçirildi. Önümçilik desgalary döwrebaplaşdyryldy, öndürilýän önümleriň sanawy artdyryldy, hili ýokarlandyryldy. Bu bolsa kärhananyň girdejisiniň artmagynda hem ähmiýetli boldy diýlip, habarda bellenilýär.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2025 Ähli hukuklary goralan.