Sport, sagdynlyk, ruhubelentlik

21.07.2023 277
Sport, sagdynlyk, ruhubelentlik

     Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi, Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny” amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, ýaşlaryň sporta bolan höwesini has-da artdyrmak maksady bilen Kerki etrabynyň 1-nji sport mekdebinde ýaş türgenleriň ýerine ýetirmeginde “Sport, sagdynlyk, ruhubelentlik” atly şygar bilen sportuň karate-do görnüşi boýunça görkezme çykyşlary geçirildi. Ýurdumyzda ýaş nesliň sportuň dürli görnüşleri bilen köpçülikleýin meşgullanmagy döwletimiz tarapyndan sport ulgamyny has hem kämilleşdirmäge gönükdirilen işleriň subutnamasy bolup durýar. Hakykat-da, sportuň beýleki görnüşleri bilen bir hatarda karate-do görnüşine hem ýurdumyzda uly üns berilýär. Ýaşlaryň sportuň karate-do görnüşi bilen gyzyklanmaga bolan höwesi barha artýar.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2025 Ähli hukuklary goralan.