Şu ýyl Lebapda 14 desgany açyp, ulanmaga bermek meýilleşdirilýär

08.08.2023 195
Şu ýyl Lebapda 14 desgany açyp, ulanmaga bermek meýilleşdirilýär

Lebap welaýatynda häzirki günlerde möhüm desgalaryň 14-siniň gurluşygy çaltlandyrylan depginlerde alnyp barylýar.

Olaryň arasynda Türkmenabat şäheriniň Azatlyk şäherçesinde lagym suwlaryny bir ýere jemlemek üçin lagym sorujy bekedi, «Lebap» sement zawodynyň ikinji nobatdakysy, Çärjew etrabynyň Bitik geňeşliginde kuwwatly bir gije-gündizde 25 müň kub metr bolan suw arassalaýan desga hem bar.

Saýat etrabynyň Saýat şäherindäki, Dänew etrabynyň Dänew şäherindäki hassahanalaryň durklaryny täzelemek işleri hem tamamlaýjy tapgyryna gadam goýdy. Orta mekdepleriň 8-siniň we çagalar bagynyň hem gurluşygy tamamlanyp barýar.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2025 Ähli hukuklary goralan.