Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde zehinli ýaş aýdymçylaryň III halkara bäsleşigine Çärjew etrabyndaky çagalar sungat mekdebiniň hor topary hem gatnaşdy. Ilgar Atahanowyň ýolbaşçylygyndaky bu topar bäsleşikde Rejep Allaýarowyň sazyna, Gurbannazar Ezizowyň sözlerine döredilen «Kebelek» atly aýdymy ýerine ýetirdi.
Zehinli çagalaryň ýerine ýetiren aýdymlarynyň hoş owazy emin agzalarynda we tomaşaçylarda ýakymly täsirleri galdyrdy. On bäşe golaý döwletden zehinli çagalaryň gatnaşmaklarynda geçirilen bäsleşikde ýokarda ady agzalan çagalar hor topary birinji orna mynasyp boldy. Lebaplylar halkara bäsleşigiň ýapylyş dabarasynda bolsa Gurbannazar Ezizowyň sözlerine, Batyr Soltanowyň sazyna döredilen «Ýagyş ýagýar» atly aýdymy ýerine ýetirdiler.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...