Tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

22.07.2023 193
Tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

     Gyzykly kitaplar ynsan durmuşyna täsir etmek bilen, ýakyn dosta, maslahatça we ýol görkezijä öwrülýärler. Gahryman Arkadagymyzyň döredijilik paýhasyndan dörän «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitaby hem özünde şeýle sypatlary jemleýändigi bilen biziň ýüreklerimize çuňňur ornaşýar.

     Çärjew etrap medeniýet merkezinde bu kitabyň tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşan kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynyň işjeň agzalary we medeniýet işgärleri öz ýürek buýsançlaryny giňden beýan etdiler. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň döwet galamyndan çykan bu taryhy-filosofiki eseriň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň belent maksatlara ýetmegi üçin ruhy daýanç we şamçyrag boljakdygyny aýratyn bellediler. Kitapda Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygy bilen döwletimizde durmuşyň dürli ugurlary boýunça özgertmeleriň amala aşyrylyşy, olara ýaşlaryň işjeň gatnaşýandyklary, bagtyýar döwrümiziň ýaşlarynyň — ertirki gün döwletimizi gülletjek oglan-gyzlardygy hakynda ýöredilýän düýpli pikirlere çykyşlarda uly orun berildi.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2025 Ähli hukuklary goralan.