Taryhy gymmatlyk tapyldy

20.07.2023 200
Taryhy gymmatlyk tapyldy

Ýakynda Türkmenabat şäherindäki Beýik Watançylyk urşy muzeýinde Türkmenabat serhet birikmesiniň Ýaşyldepe serhet galasynyň harby gullukçylary tarapyndan tapylan taryhy gymmatlyk bilen tanyşlyk çäresi geçirildi. Has takygy, serhetçiler gadymy küýzeleriň birini tapdylar. Arheologlaryň we taryhçylaryň pikirlerine görä, bu küýzäniň XII ― XIV asyrlara degişli bolmagy çaklanylýar.

Beýik Watançylyk urşy muzeýinde ýygy-ýygydan gezelençleri gurap durýan serhetçiler taryhy gymmatlygy muzeýe tabşyrdylar. Häzir ylmy işgärler tarapyndan bu gymmatlygy düýpli öwrenmek işleri alnyp barylýar.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2025 Ähli hukuklary goralan.