Täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

22.07.2023 223
Täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

     Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň welaýat we Saýat etrap komitetleri tarapyndan Sakar şäherindäki medeniýet öýünde Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Dabarada çykyş eden Agrar partiýanyň jogapkär işgärleri hem-de işjeň partiýa agzalarymyz täze kitapda geçilen ýollar, edilen işler bilen bir hatarda durmuşy özgertmegiň, Türkmenistany mundan beýläk-de ösdürmegiň geljekki ugurlary baradaky pikir-garaýyşlaryň beýan edilýändigi barada buýsanç bilen belläp geçdiler. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň döwet galamyndan çykan hem-de ýokary çaphana usulynda çap edilen eseriň okyjylar üçin belent maksatlara ýetmegiň ýolunda ýol-ýörelge bolup hyzmat edendigi bellenildi.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2025 Ähli hukuklary goralan.