Saýat etraby indi üç ýyldan bäri täze okuw ýylyny täze bilim ojaklarynyň açylyş dabaralary bilen garşylaýar. Soňky üç ýylyň dowamynda etrapda şu ýyl dördünji bilim ojagy ― Sakar şäherinde 600 orunlyk orta mekdep açylyp, ulanylmaga berler. Häzirki wagtda etrabymyzda umumybilim berýän orta mekdepleriň 60-dan gowragy bar. Şolaryň 10-dan gowragy bolsa Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen soňky ýyllarda gurlan döwrebap mekdeplerdir. Biziň bilim ojagymyz hem şeýle mekdepleriň biri. Gurlup, ulanylmaga berlen wagtyndan bäri Garabekewül şäheriniň iň belent we görkli binalarynyň birine öwrülen mekdebimizde hem täze okuw ýylyna taýýarlykly barylýar. Okuw ýylynyň bosagasynda ähli synp otaglarymyzda ýeňil abatlaýyş işleri geçirildi. Täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda mekdep kitaphanalaryna täze okuw kitaplarynyň, gollanmalaryň gelip gowuşmagy bolsa mugallymlarymyz üçin hem, okuwçylarymyz üçin hem ýakymly sowgatdyr.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...