Tejribe-synag abatlaýyş zawodyndaky işleriň möçberi 1,5 million manatlykdan geçdi

14.07.2023 246
Tejribe-synag abatlaýyş zawodyndaky işleriň möçberi 1,5 million manatlykdan geçdi

Türkmenabadyň tejribe-synag abatlaýyş zawodynda şu ýylyň alty aýynda meýilnama boýunça kesgitlenilen 934 müň manatlygyň ýerine 1 million 561 müň manatlyk möçberdäki işler ýerine ýetirildi.

Bu ýerde oba hojalyk işlerinde ulanylýan dürli kysymly tehnikalaryň zerur bolan şaýlaryny abatlamak we täze şaýlary ýasamak boýunça buýurmalar yzygiderli ýerine ýetirilýär. Zawodyň tejribeli hünärmenleri tehnikalaryň ätiýaçlyk şaýlarynyň hiline uly üns berýärler.

Şu günlerde buýurmalaryň öz möhletinde berjaý edilmegi bolsa gowaça bejergisiniň depginine oňyn täsirini ýetirýär.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2025 Ähli hukuklary goralan.