TÜRKMEN ALABAÝ ITLERI – MEDENI GYMMATLYGYMYZ

29.12.2025 40
TÜRKMEN ALABAÝ ITLERI – MEDENI GYMMATLYGYMYZ

     Alabaý türkmen halkynyň gadymy taryhynyň we baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegidir. Asyrlaryň dowamynda alabaý wepalylygyň, gaýratlylygyň we batyrlygyň nyşany hökmünde halkymyzyň durmuşynda möhüm orun eýeläpdir. “Türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek sungatynyň” ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi milli medeni gymmatlyklarymyzyň halkara derejesinde tanalmagynyň aýdyň beýany boldy.

     Türkmen alabaýy müňýyllyklaryň dowamynda türkmen halkynyň çarwaçylyk, maldarçylyk we öý-hojalyk durmuşynda ygtybarly goragçy hökmünde hyzmat edipdir. Onuň güýçli beden gurluşy, akyl-paýhasy we eýesine bolan wepalylygy alabaýy beýleki it tohumlaryndan tapawutlandyrýar.

     Bu şanly waka Türkmenistanyň milli gymmatlyklaryny gorap saklamak we geljek nesillere ýetirmek ugrunda alyp barýan döwlet syýasatynyň aýdyň netijesi bolup, halkymyzyň köpasyrlyk däp-dessurlarynyň, milli dünýägaraýşynyň we tebigat bilen sazlaşykly ýaşaýyş ýörelgeleriniň halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilendigini aňladýar. Alabaý bilen bagly däp-dessurlar, ony terbiýelemegiň ýörelgeleri, halk döredijiliginde we folklorynda eýeleýän orny ÝUNESKO tarapyndan aýratyn gymmatlyk hökmünde kabul edildi.

     ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna “Türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek sungatynyň” girizilmegi halkara medeni hyzmatdaşlygyň ösüşine hem oňyn täsirini ýetirýär. Bu başlangyç halklaryň arasynda medeni dialogy ösdürmäge, özara düşünişmegi berkitmäge we dünýä medeni mirasynyň köpdürliligini görkezmäge hyzmat edýär.

     Bu waka türkmen halkynyň öz köklerine bolan hormatynyň, medeni mirasyny gorap saklamaga bolan ygrarlygynyň aýdyň subutnamasydyr.


Rahman ERGEŞOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat

Geňeşiniň başlygynyň orunbasary.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2026 Ähli hukuklary goralan.