Lebap welaýat kitaphanasynyň we Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň bilelikde gurnamaklarynda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli “Türkmen alabaýy-wepadarlygyň hem batyrlygyň nusgasy” atly maslahat geçirildi. Çykyşlarda ýurdumyzda milli gymmatlyklarymyzy aýawly saklamak, şan-şöhradyny dünýä ýaýmak ugrunda uly işler durmuşa geçirilýändigi, türkmen alabaýlaryny goramak we köpeltmek, tohum arassalygyny saklamak hem-de ösüp gelýän ýaş nesillere pederlerimizden miras galan itşynaslyk sungatyny öwretmek şeýle il bahbitli işleriň sanawuny artdyrýandygy, asyrlardan aşyp gelýän ýol-ýörelgeler Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem mynasyp dowam etdirilýändigi barada gyzykly çykyşlar boldy. Çäräniň dowamynda kitaphana işgärleri tarapyndan guralan giňişleýin “Edermen türkmen alabaýy” atly kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden syzylyp çykan Türkmen alabaýy atly kitabynyň üç dilde ýerleşdirilmegi gatnaşyjylarda uly tasir galdyrdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...