Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi, Türkmenistanyň Döwlet Serhet gullugynyň 2107 harby bölüminde Döwlet Baştutanymyz Arkadagly Gahryman Serdarymyza Türkmenistanyň “Arkadag” medalynyň dabaraly ýagdaýda gowşurylmagy mynasybetli “Türkmen halkynyň gadymdan gelýän asylly ýörelgeleri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ynsanperwer syýasatynyň şuglasy” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Wagyz nesihat çäresinde Kerki etrabynyň merkezi kitaphanasynyň baş kitaphanaçysy G.Hydyrowa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni E.Ýoldaşowa, Türkmenistanyň Döwlet Serhet gullugynyň 2107 harby bölüminiň terbiýeçilik işleri boýunça uly hünärmeni kapitan Ö.Bazarow çykyş etdiler. Çykyşlarda Arkadagly Gahryman Serdarymyza Türkmenistanyň “Arkadag” medalynyň gowşurylmagy tutuş türkmen halkymyzy uly şatlyga, çuňňur buýsanja besländigi, täze taryhy eýýamda türkmen halkynyň gadymdan gelýän asylly ýörelgeleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ynsanperwer syýasatynda aýdyň beýanyny tapýandygy, Döwlet Baştutanymyza Türkmenistanyň “Arkadag” medalynyň gowşurylmagy hem bu hakykatyň ykrar edilmesidigi barada buýsanç bilen bellenildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...