Türkmen lukmanlary pemberton usulynda ilkinji ortopediki operasiýany ýerine ýetirdiler. Bu operasiýa Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde Lebap welaýatynda 5 ýaşly çagada geçirildi.
Geçen ýylyň maý aýynda Germaniýanyň “Dritter Orden” klinikasynyň lukmany, professor Winsent Frimberger tazobedron düwni kesellerini pemberton usulynda bejermegiň usullary boýunça türkmen lukmanlary bilen tejribelerini paýlaşypdy.
Bejergi alan ýaş hassa Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalar hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlygynda saglygyny bejerdýär. Gazna saglyk merkezine degişli operasiýa işlerini geçirmek üçin lukmançylyk enjamlaryny hem berdi.
Ýakynda Halkara kardiologiýa merkezinde ýürek ýetmezçiligi, neýrohirurgiýa, ortopediýa operasiýalarynyň 10-sy ýerine ýetirildi. Gazna döredilen gününden bäri hemaýata mätäç çagalara 140-dan gowrak operasiýanyň geçirilmegine, 50 töweregi çaganyň hem lukmançylyk barlaglaryndan geçmegine ýardam etdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...