Türkmen ruhunyň göwher täji

25.08.2023 38
Türkmen ruhunyň göwher täji

Etrabymyzdaky 39-njy orta mekdepde «Türkmen ruhunyň göwher täji» diýen at bilen geçirilen dabaraly maslahat Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlandy. Etrap bilim bölümi bilen bilelikde guran bu çäremize bilim we terbiýeçilik edaralarynyň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we ýaşlar gatnaşdylar.

Maslahatda edilen çykyşlardan hem görnüşi ýaly, özüniň pähim-paýhasa ýugrulan döredijilik dünýäsiniň çuňlugy, dana we pelsepewi pikirleri bilen türkmen halkynyň aňyna müdimilik ornaşan Magtymguly Pyragy söz ummanynyň şasydyr. Bilim işgärleriniň nygtaýyşlary ýaly, ýaşlara türkmen halkynyň özboluşly medeniýetini, milletimiziň maddy we ruhy gymmatlyklaryny içgin öwretmekde dana şahyryň eserleriniň ähmiýeti diýseň uludyr. Şeýle hem maslahatda türkmen ýazyjy-şahyrlaryň Magtymguly Pyragyny wasp edýän eserlerinden bölekler okaldy. Ýerine ýetirilen aýdym-sazlarda türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň adyny Arşa galdyrýan Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagy arzuw edildi.


Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2023 Ähli hukuklary goralan.